вторник, 28 апреля 2009 г.

AŞYRBERDY KÜRT

AŞYRBERDY KÜRT ILE MEÑZESEÑ Şahyr Kerim Gurbannepes elli yaşap ýoren döwürlerinde bir gün redaksiýalaryñ birinde duşuşdyk welin, menden az-owlak göwni galandygyny syzdyrdy. Nämemişin, men ony ýubileýi mynasybetli gutlamanmyşym, iñ bärkisi bir otkrytka-da ibermänmişim. Men şonda indem giç däl, gutlagymy ýazdy biläý diýdim. Ine, şu ýazgylar şeýdip döräpdi.Bloknotyma ýazypdym. Şondan göçüribem, okyjylara hödürläp durşum şu. KERIM ! Men Gurbannepes aganyñ oglunyñ elli ýaşyny gutlamak maksady bilen galama ýapyşdym. Meniñ gutlag sözüm otkrytka sygjak däl, sebäbi meniñ gutlagymyñam iliñkä meñzeş bolmajagy görnüp dur-da. 50 ýaşy ýeñsä taşlan günüñiz dost-ýarlaryñyz süýji-süýji sözler, haýbatly arzuwlar bilen sizi besländirler. Men trafaret sözleri, jümleleri gaýtalap oturmaýyn. Siz oña mätäç däl.Men iñ gowusy, içimi gepledeýin. Ol ýyl , biler bolsañyz , Anton ikimiz “Edebiýat we sungat” gazetinde “Iç gepletme” diýen žanry döretjek bolduk. Arman, başa barmady! Oñat niýetimizi Täşli Gurban puja çykardy oturyberdi. Şol rubrika bilen köp zatlary aýtmak boljakdy. Bähbit bolsun ! Hawa, meniñ şu ýazgylarym toý gutlagynyñ ýerini tutdy biler diýen umydym bar. Iliñkä meñzemese bolýar. Ile meñzemejek bolmak Aşyrberdiniñ hötjetligidir diýip pikir edäýmäweriñ. Unuñ özi original boljak bolmaga jan etdigimem däl. Ýaşkam atam pahyr maña:”Oglum, bir-ä dek gezmegin, bırem ıle meñzemegin, ýogsam seni il sylamaz”, diýip pent edipdi. Şu sözleri atam pahyr gowy manyda aýdan eken soñ seredip otursam. Döredijilikde ile meñzeseñ , işiñ gaýtdygy biläý. Sahy Jepbary, Kerim Gurbannepesi, Hudaýberdi Durdyýewi... hiç kime meñzedip bolmaz. Meñzedip bolmaýandygyna-da şukür etmeli. Men edebiýatçydyryn diýip kagyz doldurýan kän, emma hakyky ýazyjy- şahyr az. Şeýle-de bolmaly-da. Sotsiologlaryñ geçiren barlaglaryna görä, ylmy işgär ( ýagny alym) diýen ady göterýän juda köp. Emma ylmy- tehniki progressy döredýänleri şolaryñ diñe üç prosenti eken. Edebiýatda-da ýagdaý şeýle bolsa gerek. Kerim ! On ýyl mundan ozal men sallahkam (wah, o lezzetli döwur geçdi-le !) , bir ýyl tomus zähmet rugsadyna çykamda, gapyny içinden gulplap , “Gumdan tapylan ýüregi” okadym. Howlukman okap çykdym. Onsoñ, muña-da kanagat etmän, däli ýaly, ýeke özum bir içerde daşymdan okadym. Howlukman, daşyñdan okasañ, onuñ her bir sözüniñ agramy başgaça ekeni. Gitdigiçe şol poema ýalñyzlykda meniñ syrdaşyma, dostuma öwrüldi, ondaky gahrymanlar direldiler-de, Çärjew köçesiniñ 19-njy jaýynyñ 38-njy kwartirasyna girdiler. Men olar bilen mazaly gürleşdim, oturdyk, derdinişdik. Men şondan soñ şol poemany propagandirlemäge başladym. Emma başaran zadym bolmady. Bu näme üçin beýle bolýarka diýip pikir etdim. Il aýtmyşlaýyn, şu setirleri ýazýan adamyñ atlyny agdaryp, düýelini düñderjek dili barmyşyn. Dilewarlygymy ýarag edinip propagandirlesemem, ýol alyp bilmedim. Soñ görüp otursam, bu zat maña eýgertjek däl eken. Ana, şonda goşgyny proza bilen aýdyp bolýan bolsa, onuñ goşgy däldigine göz ýetirdim. Şeýdibem akylyma aýlandym. Çyn poeziýanyñ gizlin syryny ynsan dili bilen düşündirip bolmasa gerek. Dünýäde iñ gizlin syrlaryñ biri, hiç haçan açylmajak syrlaryñ biri Dawut ogly Suleýman şeýle diýenmiş : men gaty köp zada akyl ýetirip bilýänem bolsam, käbir zady başaramok - gaýañ ýüzünde ýylanyñ yzyny, zenan ýüreginde erkek kişiniñ ýoluny,asmanda guşuñ yzyny, ummanda balygyñ yzyny ... saýgaryp bilemok. Poeziýanyñ syram adamyñ beýnisindäki 14 milliard kletkanyñ düşnüksiz oýnudyr. Käbir kitaplary okaýañ weli, ondaky çap edilen sözler setirleri, setirlerem sahypalary emele getirýär. Emma sözler, jümleler, sahypalar direlmän, edil öliniñ dodagy ýaly, sop- sowuk bolup galýar. Şol sözler bilen beýan edilýän wakalary okyjy görüp bilenok. Wakalaryñ aýak sesi eşidilmeýär. Gahrymanlaryñ ýüz keşbini görüp bolanok, sözlerini olaryñ öz agzyndan eşidip bolanok. Sözler obraza öwürlenok. Okap barýarkañ, diñe ak kagyzy, onuñ ýüzündäki sözleri görýäñ. Diñe ak kagyzyñ ýüzünde garynja ýaly gara harplar saña seredip dur. Birinden sahypalar diri adamyny güldürenogam, öldürenogam, jelebiñ näzi ýaly sop –sowuk sözler, jümleler okyjyny heýjana getirmeýär, onuñ jynsyny üýtgetmeýär (gowy manyda). Biziñ tragediýamyz – nalajedeýin goşgular metbugatda, hatda aýratyn kinap görnüşinde-de köp çykýar. Iñ erbet tarapam – ýaşlar şo zeýilli goşgulary nusgadyr öýdýärler. Seniñ nusga bolaýşyñy ! Goşgy diýen at bilen çap edilýän patarrakylardan ýaña Berzeññiniñ itleri mergilän ýaly, uwlaşyp, meni gije ýarymyndan soñ işlemäge goýanoklar. Prozanyñ ýagdaýam ybaly däl. Meniñ ýazyjy hökminde däl-de, okyjy hökmünde pikirlerimi aýdýan . Men ýazyjy däl. Şeýledigimi özüm bilýän. Bir çüýşe kefir almak üçin iki sagat nobata durup ýören adamdan ýazyjy bolmaz. Zamanymyzyñ ritmi şeýledir-dä. Pikir ýöretmäge, uly bir pikiri allalap, eseboýa getirmäge, jemläp, durmuşyñ uly bir panoramasyny mazaly görkezmäge meniñ ýagdaýym ýok, wagtym ýok. Sportlotonyñ şariklery ýaly böküp duran bolgusyz setirlerden doly “eser” ýazmaga-ha meniñ ynsabym çatanok. Eger ejir çekip, uly bir zady ýazaýsañam , çykarmasy hyllalla. Menä käbirleri ýaly ýalbaryp bilemok. Biriniñ öñünde ýaýapjalap bilemok. Sebäbi gara güni üçin ejesiniñ oýnaşyna kaka diýýänlerden däl. Magşar gününiñ jañy kakylýança meniñ şu gylygym üýtgemese gerek. Özüm zamanababrak bolmalydygyna düşünýänem bolsam, gönezligim meni agyzdyryklap saklaýar. Kürt aganyñ atan gönezligi-dä. Eýlesi – beýlesi uruş döwrüniñ kartoçkasy ýaly ýumoreska maña besdir. Mende talant ýok. Mende diñe azajyk zehin bar. Bary bilen bazar eýlemeli. Meniñ ýumoreskalarym gyzykly diýýärler. Näme üçin şeýledigini bilýäñizmi ? Men mydama iñ täsin adamlar bilen tirkeşýän : gedaýlar, tirýekiler, arakhorlar, işigaýdanlar, işden kowulanlar, durmuşdan nalap ýörenler, jelepçiligi kesbi- kär eýlän aýallar, tsiganlar. Men şolardan öwrenýän. Edil Maksim Gorkiniñ gahrymanlary ýalydyr. Men görip däl. Emma name üçindir mydama aýlantusa gözüm gidýär. Muña türkmenler porsy agaç diýýärler. Aýlantusyñ ýaşaýyş ugrundaky hyjuwy meni haýran galdyrýar. Miwe getirmeýänligi üçin , ony mellekli melleginden aýryp taşlanyny kem görenok. Indi-hä düýbüne düw ekäýen bolsam gerek diýip , ony sogrup taşlaýarlaram weli, haý diýmän, ol ýene gögermek bilen bolýar. Ýene kergeýärler , ol ýene gögerýär. Ol özüni horlaýandyklaryna namys edýän ýaly, täzeden gaýrata galyp, ýene gögermek bilen bolýar. Onuñ gujur –gaýraty egsilmeýän bolarly. Il hatarynda sana geçmek, tebigat tarapyndan berlen hukugyna (ösmek hukugyna) eýe bolmak, ýagny ýaşamak ugrunda onuñ jan edişini näme bilen deñeşdirjegiñi hem bilip bolanok. Döredijilik adamsyna hökmürowan tebigat tarapyndan berlen zehin ýeterlik däl. Oña aýlantusyñky ýaly yzygiderli hyjuwam gerek. Egsilmeýän, ýanbermez hyjuw gerek. Arman, şeýle hyjuw mende ýok ! Biziñ edebiýatymyzda ýaşlara goltgy berip duran Çingiz ýaly şahsyýet gerek. O-da ýok. Biri bardy, ýatan ýeri ýagty bolsun. Ýöne o pahyr , dine öz şahsyýetini mazalamak , timarlamak bilen bolup ýördi. Diñe ýeke özüm bolsam diýýärdi. Edil domalan ýaly, biler bolsañyz, domalan dagyñ köplenç guzaýynda gögerýär. Mazaly syn etseñ , onuñ demining ýeten ýerindäki ot-çöpleri eýikdirmeýän bolarly. Men bu zatlary name üçin ýazyp otyrkam ?! Edebiýatymyzyñ ýagdaýy barada pikir alşar ýaly adama zar bolup geçmel-aýt.Pikirdeşleriñ başy jem bolanok. Her kim öz başyna . Gije sagat 3 bolupdyr. Elim degende dowamyny ýazaryn-da. Aşyrberdi Kürt *

Комментариев нет:

Отправить комментарий