суббота, 17 января 2009 г.

AŞYRBERDI KÜRT

AŞYRBERDI KÜRT SÖZ-Ä BERDILER Dek ýigrimi üç ýyl mundan ozal ýaşlar gazetiniñ redaktsiýasinda işläp otyrdym. Tomus. Yssy. Konditsioner diýen zat ýok o wagtlar. Yssydan ýaña meýmiräp tas irkilen ekenim. Telefon jyññyrdady. Görsem, Döwlet Howpsyzlygy Komitetyndan bir turkmen polkownigi jañ edýän eken. Şol edaranyñ meniñ daşyma çyzyk çekip ýörendigini añýardym – esli wagt bäri KGB-niñ graždan eşikli işgärleri meniñ dost – ýarlarymy ýolda-yzda saklap, meniñ beýnimdäki 14 milliard kletkanyñ özüni alyp barşy barada soraýan ekenler, özi-de her gezek olar “biziñ şu gürrüñimiz şu ýerde galmalydyr” diýip tabşyrýan ekenler.Her gezegem sowal berilýänler gelipjik, şol gürrüñi gylyny gymyldatman, maña aýdyp berýärdiler. Şeýle-de bolsa, men darygmaýardym. Etmişimi ýokdugyny bilýärdim. Şol sebäpdenem, “geliñ, bir gürrüñimiz bar” diýen dessine, göni gidiberdim. Şu wagtky Magtymguly prospektiniñ ugrunda Saglygy saklaýyş ministrliginiñ gabat garşysyndaky jaýyñ Işigini sag aýagymyñ burny bilen açjak bolup birneme sägindim. Onýança ýeñsämden biri gelip, meniñ bu bolup durşumy geñ görendir-dä: - Iki eliñiz boş welin, şonda-da işigi aýagyñyz bilen açjak bolup, azara galyp dursuñyz – diýdi. –Gyzamykdan galan endikden hiç halas bolup bilemok- diýip, onuñ ýüzüne ýylgyryp bakdym. Dogrudanam, men äsgermeýän edaramyñ işigini aýagym bilen açmagy halys endik edäýipdirin. Baryp- ha Moskwada işläp ýören ýyllarym, SSKP MK- nyñ propaganda bölümiñ haýyşyna görä, “Sowet Turkmenistany” gazetine her ýylda bäş- alty sapar syn ýazmaly bolýardym. Şol gazetiñ bir- iki aýda çykan sanlaryny toplap , maña getirip bererdiler. Ỳöne ýazan synymy elin eltmeli bolýardym. Ana şonda her gezek şol edaranyň jaýynyň işigini sag aýagymyň burny bilen açýardym. Şondan galan endik-dä. Hawa, ýaňky ýeňsämden gelip işigi açyp beren adama “Sag bol!” diýdim-de, içine girip gitdim. Meni ikinji etaža eltdiler. Girmeli kabinetimiň işigini açyp berdiler. Girdim. Uzyn stoluň başynda iki sany erkek kişi outran eken. Biri türkmen, beýleki ýewropaly. Öz aýtmaklaryna görä, ikisem polkownik. Şol türkmen polkownigine kä wagt häzirem duşýaryn. “Respublikan harby komissariaty” diýen awtobus-trolleýbus duralgasynda düşýär ol. Hawa, geçip oturyň diýdiler, geçip oturdym. Rus dilinde gepleşýärdik. Ikisiniňem familiýalary ýadymda däl. Maňa ilki bilen ors polkownigi ýüzlendi: - Bilýäňizmi niräk gelendigiňizi? - Bilýän. Sakar dowzahyň altynjy otdeleniýesiniň Ýerdäki filialyna geldim! – diýip, men ýylgyryp jogap berdim. Ors uzakçyl däl eken, girre gahary geldi: - Oýun edilýän ýer däl bi ýer! Şuny bek belläň! - Belledim, graždanin polkownik! Şeý diýdim welin, ikisi bir-biriniň ýüzüne seretdi. Onsoň ýene ors gepledi: - Näme tussag bolup gördüňizmi? - Aý, ýok. Ahyry meni bir gün KGB ýygnar, şonda gerek bor diýip, tussaglaryň geň-enaýy leksikonyny ätiýaçdan öwrenip goýaýypdym. Ýaňky kinaýaly ýylgyryp: - Başga-da öwrenen zadyňyz boldumy? – diýip sorady. - Hawa, islän wagtym islän ýerimde uklap bilýän. Dik durkam-da uklap bilýän. Üç hepde aç gezip bilýän. Nahar dannamam bolmaz. Öňümden çykan zady iýýän, gymyldan zady iýýän: möý, ýylan, sakyrtga, çekirtge … tapawudy ýok. Gaty ýerde ýatmany öwrendim … Ýene ors gepledi : - Türkmenistany SSSR-iň sostawyndan aýyrmakçy bolýarmyşyňyz. Men ýylgyrdym. - Hawwa, aýyrjak. Ýöne bäş-üç gün garaşmaly boljak. Çärjew köçesindäki bir otagly kwartiramy Berzenňä çalyşmakçy bolup ýörin. Çalyşdygym, hökman aýyraryn. Şeý diýdim welin, polkownigiň gonjuna gor guýulan ýaly bolaýdy. - S Wami goworýat na urowne gosudarstwa, a wy pozwolýaýete sebe … - diýip, jümlesini soňlaman goýdy. Eger türkmen diline geçirseň, onda: “Siziň bilen döwletiň derejesinde gürleşýärler, siz bolsaňyz …” diýen manyny berýär. Men arkaýyn ýylgyryp, şeýle jogap berdim: - Men ýumorist ahyry. Men aglamda-da ýumor gatyşyklydyr görseň … Türkmen polkownigi sözümi böldi-de, öňünde açyk duran bloknotyna göz gezdirip, maňa ýüzlendi: “Ke-ge-be sypatlym, Gestapo gözlüm Il dönse-de, göwnüm dönmez, ýar senden …“ Ýa-da: Goltugymdan göterip, pylçap urduň, Watanym! Başymdaky telpegim papak etdiň, Watanym! Aýagymdaky çokaýmy çepek etdiň, Watanym! diýen setirler bilen başlanýan aýdymlary siz ýazdyňyzmy? Şeýle zatlary diňe ýumorist ýazyp bilse gerek. Şu neziräniň käbir setirlerini meniň ýoldaşym ýazypdy, şeý diýip aýdaýsam, meniň ony satdygym boljakdy. Şol sebäpden hemmesini öz üstüme almaga mejbur boldum-da: - Öýkünilip ýazylan şol aýdymlaryň hemmesiniň awtory men. Şahyrlar, ýazyjylar bolup bir ýere üýşdigimiz, onda-da şerap başynda otyrkak, degişmän-gülüşmän oňamyzog-a. Keýpim kökkä aýdandyryn-da. Polkownik gazap donuny engine atara meňzedi: - Jenaýat kodeksiniň degişli maddalary munuň üçin siziň ýüzüňizi sypamasa gerek. - Howwa-la, sypasy ýok. Meniň belet zadyma ol. Biler bolsaňyz, baryp-ha 1958-nji ýylda, men Moskwada işläp ýörkäm, respublikamyzyň Jenaýat Kodeksini, Jenaýat-protsesual kodeksini we Graždan Kodeksini terjime etmäge hem-de redaktirlemäge gatnaşypdym. Şo ýylyň mart aýyndaky sessiýada – SSSR Ýokary Sowetiniň sessiýasynda sakkyklapdylar. Şeý diýsem, ýaňkylaryň birneme doňy çözülen ýaly bolaýdy, göwnüme bolmasa. Indi geplemek gezegini ors aldy. - Ynha, görýäňizmi, paýtagtda siz abraýly edarada, onda-da gaty uly edarada işläpsiňiz, jogapkärli işlere gatnaşypsyňyz. Kodeksleriň terjimesine gatnaşandyklaryňyzy biz bilýäs. Ýöne siz Aşgabada geleniňizden soň welin … - Öz ilimiziň howasy täsir edýändir-dä – diýip, onuň soňlamadyk jümlesini gutardymmykam diýsem, ors bir mojuk zady tapdy oturyberdi: - “Eger türkmen nebitini turba bilen akdyryp, serhede çenli ýetirip bilseler, men ony daşary ýurtlara kürüsgeläp satyp, Garagumy altyn bilen bilen suwap çykardym”, diýipsiňiz. Men ýene ýylgyrdym: - Kim aýdanam bolsa, gaty dogry pikir. Şeýle pikir öz kellämden çykmandygyna gaty gynanýan. Arman! Ors egnindäki üç ýyldyzly pogonynyň güýjüne baýrynyp gepledi: - Haý-haý! Gaty gidibermäň! Hetdiňizi tanaň! Nirede oturandygyňyzy unutmaň! Ýene bir ýerde siz “Amerikany ýarag güýji bilen basyp bolmaz, ony ýok etmegiň başga bir, gansyz-şüwensiz, aňsatja usuly bar”, diýip gülüşdiripsiňiz. Dogrumy şol? Şol wakany ýatlatdy welin, menem 37-nji ýylda Ýežowyň penjesinden aman sypan köne rewolýutsionerlar ýaly, asyl ýyryş ediberendirin. - Aýdýanyňyz rasdyr, graždanin … ýoldaş … polkownik! Halkyny dok ýaşadýan, adam hukuklaryny doly berjaý edýän ýurdy … Ol sözümiň arasyny gahar bilen üzdi: - Galat aýdýarsyňyz! Kapitalyň hokum sürýän ýurdunda adam hukuklarynyň äsgerilmegi mümkin däl. Bilip goýuň şuny! - Bolýa. Bilip goýdugym. Ýöne Amerika diýäýeýin. Şol Amerikany ýaragyň güýji bilen basyp bolmaz, diýdim. Aslyýetinde basjak bolmak nämä gerekkä?! Ol oglan, ýer şarynyň aňry ýüzünde ýerleşýär-ä. Juda indi oňa gün bermejegiň çynyň bolsa, dünýäň puluny harçlap, raketa ýasap ýörmeli däl-de, aňsatja tärini tapmaly diýdim. Mysal üçin, iki ýurduň arasyndaky medeni we ylmy gatnaşyklary ösdürmeli diýen bol-da, bir ýyl möhleti bilen olaryň alymlaryny bärik çagyryp getir, biziňkilerem Birleşen Ştatlara iber. Biziňkileriň baran ýerinde ylmyň ösmegi, ylmy-tehniki progressiň bolmagy mümkin däl. Ylmy-tehniki progress bolmadyk Amerikany hem göz öňüne getirmek mümkin däl. Diýmek, Amerika öz-özüne çöküp dagaýar. Amerikadan gelen alymlar hem biziňkileriň ylymda çykaran hokgalaryny görup, düşünmän, hökman dälirärler. Ine, Amerikany şeýdip ýykmaly diýipdim. Indi türkmen polkownigiň gezegi geläýen ýaly: - Gedaýlyk baradaky siziň dawaňyz ýokarlarygam ýetipdir – diýdi. - O bir kiçi-girim mesele däl-ä. Öňkilik bolaýdy, onuň ýaly meseläni egri gylyjyň tygy bilen çözerdiler. Giden bir halky gedaýlykda aýyplap bolmaz-a. Onda-da türkmeni. Käbir enesi ýalamadyklar, aýyn bolmasa, “rewolýutsiýadan ozal türkmenler gedaý ýaşaýardy” diýip ýazýarlar. Heý, türkmenem bir gedaý ýaşarmy?! Territoriýamyz tas Fransiýanyň territoriýasyna barabar. Biz Russiýa imperiýasynyň koloniýasykak, Nikolaý Ikinjiniň statistika edarasynyň 1913-nji ýyldaky maglumatlaryna görä Türkmenistanda 200 müň düýe, 86 müň gylýal, 20 milliondan gowrak (elbetde çen bilen) dowar bar eken. Şonça maly bolan halka-da bir gedaý diýip bolarmy! Gedaýsyz halk bolmaz, emma gedaý halk ýokdur. Aşyryň, Myradyň, Hydyryň gedaý bolmagy ahmal. Emma, bagyşlaň, bütin bir türkmen halkyna gedaý diýmäge diňe çöpdüýbüleriň dili öwürler. Özi-de bize gedaý ýaşapdyr diýýänler ors ýa-da ýewreý däl-de, hut hamyrmaýasy bisähet gün atylan türkmenlerdir. “Ozal öz halkym gedaý ýaşapdyr diýsem, syýasy ýolbaşçylara hoş ýakar, netijede maňa ulurak wezipe bererler” diýip tama edýän wezipeparaz türkmenlerdir. Şo tetelliler asyl manysynda türkmenem däl-de, eýsem türkmeniň borjuny wagtlaýynça ýerine ýetirýän haýwanlardyr. Olaryň ikisi-de çala ýylgyrdy. Ors arkaýyn gaýşybrak oturşyna gürledi: - Öz milletiňizi gazap bilen goramaga heran-haçan taýýar bolup durmagyňyz öwgä mynasyp. Ýöne başga halklaryň wekillerine garaýşyňyz birhili. Eger rugsat etseňiz, siziň bloknotyňyzdaky käbir ýazgylary okap bermekçi … - Hä, indi meniň bloknotlarymy bildirmän barlap başlapsyňyz-ow! Gutlaýan! Ýöne, araplaryň bir nakylyny ýatlamaga maňa rugsat edersiňiz.”Iliň hatyny okaýan adam öz ejesiniň satanynyň arasyna sereden ýaly bolýandyr”. Araplara şeý diýipdir. Menden sorag edýänleriň ikisi iki ýerden hüjüme geçdi: - Gürrüň Sowet döwletiniň bähbitleri barada gidýärkä, biz hiç zatdan gaýtmarys. - Eger zerurlyk ýüze çykaýsa, onda biz siziň ýalynyň diňe bir bloknotyny däl, eýsem bir depim gumy bilen hatda … diýdi-de, ene bloknotyny agtaryşdyryp ugrady: - Ynha, esasy meselä geçeliň. Howwo. Ynha şeýle ýazgy bar eken: “Sotsializm erkek kişiniň gaýratyny aldy, aýalyňam haýasyny aldy. Gaýratsyz erkekleriň, haýasyz aýallaryň jemgyýetinden oňlulyk tamasyn etmäň”. Başga bir ýazgyny okap bereýin, özem rus dilinde ýazylypdyr. “W Turkmenistan ponaýehalas wsýakaýa neçist I wedýot brodýaçiý obraz žizni. I samoýe udiwitelnoýe to, çto oni imeýut naglost razglagolstwowat o culture I obwinýaýut nas, Turkmen, w otstalosti. Ýa uweren, çto porýadoçnyýe lýudi dolžny žit u sebýa na rodine. Ýesli werit istoriçeskomu opytu, to liş na swoýih zemlýah I, opiraýas na swoýi natsionalnyýe korni, lýudi imeýut wozmožnost sozdawat swoýu kulturu”. Ol okap boldy-da, meniň jogap bererime garaşdy. - Iliň bloknotyndan bildirmän göçürilen zatlara jogap berjek däl men.Gerek bolsa , suduň öňünde jogap bererin, - diýdim-de, arkaýyn oturyberdim. - Jogap bermezlige hakyňyz bar – diýip, ors polkownigi arkaýyn aýtdy. – Meniň size iň soňky sowalym: Günbatar Germaniýada general agam bar diýip, siz göreniň ýanynda öwünip ýörenmişiňiz. Gördüňizmi, ýüzüňiz ýagtylyp gitdi. Diýmek aýdylýan zatlar dogry eken. - Ke-ge-bäniň hakyna tutma şugullaryň berýän maglumatlary dogrudyr. Siz bir zady pikir edip görüň-ä : hiç zatdan bihabar adamyň doganoglany general bolup çykaýsa, näder öýdýäňiz ol ?! Elbetde, begener. Soň görup otursam, meniň tohumymda general eke ol däl eken. Gurbandurdy Gäriçmegiň bir ýakyn garyndaşy Owganystanda general eken. Biziň birimizi çagaka Sankt-Peterburga äkidipdirler, kadetler korpusyny gutarypdyr ol, soň general Kornilowyň adýutanty bolupdyr. General öldürilenden soň , Turkmenistana gaçyp gelipdir. Öz ilinde ýerläp bilmändir, Türkiýä gidipdir. Soň Bolgariýada, Ýugoslawiýada general çininde gulluk edipdir. Ahyrymam Nýu-Ýorkda ölüpdir. Men şolaryň üçüsine-de guwanýaryn. Birinjis-ä has ýakynym. Kesip aýyrjak ýerim ýok. Olaryň näme işläp ýörendikleri bilen meniň işim ýok asyl. Olar Aşyrberdi diýen inisiniň bardygyny asyl bilýänem däldirler. Onda-da men olara guwanyp ýörin. Ahyry bir gün daşary ýurtda general agaň bar diýip, meni aýyplajakdygyňyzy bilýärdim. Arkaýyn boluň, olardan bize zowal ýok. Sowet adamsynyň daşary ýurtda general garyndaşynyň bolmaly däldigini aňdyk. Şol sebäpden öňräk men “Indiden beýläk general doguraýmaň” diýip, ýeňňelerime berk tabşyrandyryn. Olar söz-ä berdiler dogurmarys diýip… Iki polkownik gürrüňiň äheňini dura-bara üýtgedip ugradylar: meni türkmen okyjylary tanaýarmyşyn, bütin halkyň agzyna –diline düşüpmişim, abraýym ulumyşyn… Ahyram türkülediler: - Siziň gowy kwartiraňyzam, “Wolgaňyzam”, gowy wezipäňizem bolar, eger siz… Men olaryň teklibine hä diýip bilmedim.Çüňki meniň tohumymda garakçy, alamanbaşy, batyr, tentek, gorkak… bolupdy, emma şugul bolmandyr. Aşyrberdi Kürt

1 комментарий:

  1. Bu, Maýo klinikasynyň köpçülige mälim eden beýany we böwrek satyn almak isleýäris, böwrek satmak isleseňiz, aşakdaky e-poçtaňyz bilen göni habarlaşyň
    mayocareclinic@gmail.com
    Bellik: Bu ygtybarly amal we howpsuzlygy kepillendirilýär.
    Has giňişleýin maglumat üçin bize e-poçta habaryny iberiň.

    ОтветитьУдалить